Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar. «Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar. Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç alyň. Çünki ol Rebbe bagyş edilendir. Sabat güni iş eden adam ölüme höküm ediler. Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler. Bu ysraýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym». Alty günläp siz işlärsiňiz, emma ýedinji gün dynç alyň. Hatda sürüm döwri bolsa-da, hasyl döwri bolsa-da, dynç alyň. Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. Alty günde ähli işleriňi edersiň. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler. Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy.
Выбор основного перевода