Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň». Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň. Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň». «Ysraýyllara aýt, mesgen tutmagyňyz üçin Meniň size berýän ýurduma gireniňizde, «Ysraýyllara aýt, Meniň sizi alyp barýan ýurduma gireniňizden soň, Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berýän ýurduna gelip, ol ýerde ornaşanyňyzda, Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň. Siz şol döwürde hyzmat edýän ruhanynyň ýanyna baryp, oňa: „Bu gün men Rebbiň ata-babalarymyza wada eden ýurduna gelendigimi Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda jar edýärin“ diýiň.
Выбор основного перевода