Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň. Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn. eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa şükür hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin. Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara aýt, Meniň sizi alyp barýan ýurduma gireniňizden soň, şol topragyň çöreginden iýeniňizde, siz ondan Rebbe sadaka berersiňiz. Ilkinji ýugran hamyryňyzdan bir çöregi edil harmandan sadaka berşiňiz ýaly edip hödür ediň.
Выбор основного перевода