Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Soňra Ýeşuwa halkyň hersini öz mülk ýerine iberdi. Şundan soň Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi. Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, özüniň mülk ýeri bolan Timnatserahda jaýladylar. Ýeşuwanyň ýaşan döwründe ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi. Ýeşuwadan soň ýaşap, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň döwründe-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi.
Выбор основного перевода