Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz. Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl. Ýeriňden tur-da, adamlara inlerini tämizlemegi buýur. Goý, olar ertire çenli inlerini tämizläp päklensinler. Sebäbi Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Eý, Ysraýyl, ýok edilmeli zatlar seniň öz içiňde. Şoňa görä-de sen tä öz içiňden olary aýryp taşlaýançaň, öz duşmanlaryňyň öňünde durup bilmersiň. Ýöne siziň ata-babalaryňyz öz Hudaýyny – Rebbi unutdylar. Reb olary Hasor galasynyň şasy Ýabynyň leşgerbaşysy Siseranyň, piliştlileriň we Mowap şasynyň eline berdi; olar siziňkilere garşy uruşdylar. Reb bütin Ysraýyl nesillerinden ýüz dönderdi. Ol olary jezalandyryp, talaňçylaryň eline berdi. Şeýdip, Reb olaryň baryny Öz huzuryndan ýok etdi.
Выбор основного перевода