Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy. Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady. siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär. Kengandaky uruşlaryň hiç haýsysyna gatnaşyp görmedik ysraýyllary synamak üçin, Reb birnäçe milletleri kowup çykarman öz ýurdunda galdyrdy. Rebbiň Musanyň üsti bilen ata-babalaryna berlen buýruklaryna ysraýyllaryň gulak asýandyklaryny ýa-da gulak asmaýandyklaryny synamak üçin Reb şu halklary galdyrypdy.
Выбор основного перевода