Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Olar Rebbe perýat edenlerinde, Reb olara Otniýel diýen bir halasgär berdi. Ol Kalebiň inisi Kenazyň ogludy. Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar. Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy, Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady. Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim. Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň göwresinde galan gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol Ysraýyly piliştlileriň elinden halas eder» diýdi. Şonda Ýerubagaly, Baragy, Ýeftahy we Şamuweli iberip, Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden halas etdi. Şeýdip, siz asuda durmuşa ýetdiňiz. Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň. Bularyň hemmesi, takmynan, dört ýüz elli ýyl dowam etdi. Mundan soň Hudaý olara Şamuwel pygamberiň döwrüne çenli serdarlar berdi.
Выбор основного перевода