Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar. Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler. Olaryň butlaryna hyzmat etdiler, butlar hem olara duzak boldular. Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy. Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi. Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi. Şondan soň ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny terk edip, diňe Rebbe gulluk etdiler.
Выбор основного перевода