Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. Başga hudaýlaryň, daş-töweregiňizdäki halklaryň hudaýlarynyň hiç biriniň yzyna düşmäň. Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler. Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».
Выбор основного перевода