Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, olar diňe öz güýjüne sygynýandyr. Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm. Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar. Emma erbetler ot deý gögerseler-de, betkärler gülleseler-de, olar baky weýrançylyga höküm edilen. Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin. Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar? Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Seniň adyň dillerinden düşmeýär, emma ýürekleri Senden uzakdyr. Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň? Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, çünki tory olary lezzetli durmuş, bol saçak bilen üpjün edýär. Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris? Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».
Выбор основного перевода