Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler, zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr. Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.
Выбор основного перевода