Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler. Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň. Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.
Выбор основного перевода