Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar. Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada. Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz». Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň. Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär uýaň Sodom öz gyzlary bilen seniň özüňiň we gyzlaryňyň edenini etmedi. Samariýa seniň eden günäleriňiň ýarysyny-da etmedi, emma nejis işleriňde sen olardan geçirdiň, eden ähli nejis işleriň bilen uýalaryňy akladyň. Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň.
Выбор основного перевода