Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy. Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin. Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn. Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim». Şonuň üçin Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik et, daglara we depelere, jülgelere we derelere Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz milletleriň gyjalatyny çekendigiňiz üçin, Men gabanjaňlyk gazabymda gepledim».
Выбор основного перевода