Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler. «Sen, eý, ynsan ogly! Özüňe bir kerpiç alyp, öňüňde goý-da, onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek. Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir. Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn. Onuň töweregindäkileri, ähli kömekçilerini we ähli nökerlerini ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzlaryndan kowalaryn.
Выбор основного перевода