Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Başlaryna belalar indererin, oklarymy olara garşy ataryn. Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker. Soňra Ol sözüni dowam edip, maňa: «Eý, ynsan ogly! Men Iýerusalimde olary bir döwüm çörege zar ederin. Olar çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýerler we suwlaryny howp astynda ölçeg bilen içerler. «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.
Выбор основного перевода