Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň seždegähleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly sadakalaryňyzy kabul etmerin. Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar. Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim. Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“. Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar. Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla. Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör! Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin.
Выбор основного перевода