Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar. Eger Men ol ýurda ýyrtyjy haýwanlary ýollasam, olar-da ony adamsyz goýsalar, ýurt haraba dönüp, ýaňky haýwanlardan ýaňa onuň içinden hiç kim geçmese, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar. Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim». Men galanyň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan galadaky ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler.
Выбор основного перевода