Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi. Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi. Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et». Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Ýagşy üns ber, öz gözleriň bilen gör, Rebbiň öýüniň ähli düzgünleri we kanunlary hakda saňa aýdýan zatlarymy öz gulagyň bilen eşit, mukaddes öýe kimiň girip-çykýandygyna ýagşy üns ber.
Выбор основного перевода