Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpat (ýagny Kadeş) galasyna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler. Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar. Nibşan, Duz galasy, Eýngedi – obalary bilen bile jemi alty gala. Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim. Ýehoşapada şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Haseson Tamardadyr». Bu ýere Eýngedi-de diýilýär. Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar. Ol deňiz ortasynda tor ýazylýan ýer bolar. Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär. Sur galasy milletlere olja bolar. Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, tor ýazylýan ýer bolarsyň. Indi sen hiç haçan täzeden bejerilmersiň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men-Reb aýtdym“ diýýär». Gat tiresiniň gündogar araçägi Tamardan gündogara, ol ýerden hem Meribakadeş çeşmesine çenli we Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine çenli uzalar. Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler. Olar kenardan uzak däldiler, onuň iki ýüz ädim çemesi golaýyndadylar. Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy.
Выбор основного перевода