Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýsyzlar güneşde gülleýän ösümlik kimin, olaryň şahalary tutuş baga ýaýraýar. Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar. Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar. Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz». Öwrülip gelenimde, ine, derýanyň kenarynyň her ýan tarapynda köp agaçlar bardy. Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.
Выбор основного перевода