Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşa edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr. «Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir. Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr. Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer. Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter. Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar. Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ortaýer deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz. Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer. Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar. Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider. Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter. Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Öli deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“». Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşalara we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir. Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär. Bu Ysraýylda hökümdaryň mülki bolar. Mundan beýläk Meniň hökümdarlarym halkyma zulum etmezler, ýeri ysraýyl halkyna tirelerine görä paýlarlar. Manaşa tiresine bir paý berler. Onuň araçägi naftaly tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
Выбор основного перевода