Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr». Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir. Ýer bije atylyp paýlansyn, uly paýy uly tirä, kiçi paýy kiçi tirä beriň». Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler. Goý, Rebbe bil baglaýan keseki: «Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin, Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin. Reb şeýle diýýär: «Sabat günlerimi amal edýän, Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan, ähtimi berk saklaýan agtalara öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin. Rebbe hyzmat etmek üçin, Rebbiň adyny söýmek üçin, Onuň bendesi bolmak üçin Rebbe bil baglaýan kesekileri, Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri, ähtimi berk saklaýanlary, mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar». Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar. Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz. Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz, indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady. Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz. Ine, Hudaýyň syry şudur: Hoş Habary kabul edýän ýahudy däller hem ýahudylara berlen ýalkanyş wadasyna, bir bedene, bir mirasa deň derejede şärikdirler. Sebäbi olaryň hemmesi Isa Mesihe degişlidir. Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.
Выбор основного перевода