Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. «Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir. Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“». Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir. Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.
Выбор основного перевода