Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy. Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler. Pitneçi ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, ysraýyl halky! Meniň öýümi harlamak üçin sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişekleri içerik salmak bilen eden ähli nejis işleriňizi bes ediň! Siz Maňa iýmit, ýag we gan hödür edeniňizde, olar mukaddes öýümde boldular. Siz ähli nejis işleriňiziň üstesine Meniň ähtimi hem bozduňyz.
Выбор основного перевода