Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy. Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi. Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi. Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi. Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.
Выбор основного перевода