Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et. Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle. Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny päklemek üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag guýup mukaddes et. Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar. Belleme dabarasy tamamlanýança, siz ýedi günläp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan daşlaşmaň. Çünki bellenme dabarasy ýedi gün dowam etmelidir.
Выбор основного перевода