Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler. Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy. Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüniň bosagasyndan aýrylyp, keruplaryň üstünde durdy. Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi. Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy. aýaklary kürede gyzardylan mis ýaly ýalpyldaýardy, sesi ägirt ummanyň güwwüldisi ýalydy. Mundan soň men gökden inip gelýän başga bir perişdäni gördüm. Onuň uly ygtyýary bolup, şöhraty bütin dünýä nur saçdy. Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy.
Выбор основного перевода