Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi. Onsoň ol gündogar tarapdaky derwezä gelip, onuň basgançaklary bilen gapysynyň ýanyna çykyp, onuň bosagasyny ölçedi: onuň ini bir ölçeg taýagydy. Bu bosaganyň ini bir ölçeg taýagydy. Onsoň ol adam meni mukaddes öýüň gündogara tarap bakýan derwezesinden yzyma getirdi; derweze ýapykdy. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogara tarap bakýan derwezesi alty iş güni ýapyk bolar. Ol diňe Sabat güni we Täze Aýyň ilkinji güni açylar.
Выбор основного перевода