Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn. Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi. Soňra ol howlyny ölçedi; onuň uzynlygy-da, ini-de ýüz tirsek bolup, inedördüldi. Gurbanlyk sypasy bolsa Hudaýyň öýüniň öňündedi. Men bu öýüň daş-töwerekleýin belentligini gördüm; gapdal otaglaryň düýpleri doly bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi.
Выбор основного перевода