Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar. Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar. Heşbon bilen Elgala nalyş edýär, sesleri Ýahasa çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar. Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda. Nimrim suwlary gurady; otlar soldy, täze ot gögermedi, gök öwüsýän zat galmady asla. Munuň üçin gazanan baýlyklaryny, bar toplan zatlaryny söwüt jülgesine äkiderler. Agy bilen doldy tutuş Mowap ýurdy; olaryň perýady Eglaýyma, nalyşy Beýerelime ýetýär. Dimonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin. Sähra ýoly bilen Seladan Sion gyzynyň dagyna, ýurduň hökümdarlaryna guzulary ýollaň. Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär. «Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme. Mowapdan kowlanlar mesgen tutsun araňyzda; weýran edýänlerden olara pena boluň». Sütemkär ýok bolup, weýrançylyk soňlanar, talaňçylar ýitirim bolarlar. Tagt merhemet bilen berkidiler, sadyklyk bilen şalyk sürer Dawudyň nesillerinden biri, adalaty agtarýan hökümdar dogrulygy ýöreder. Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol. Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň. Heşbonyň ekin meýdanlary, Sibmanyň üzümçilikleri gurady; başga milletleriň baştutanlary saýlama üzümçilikleri basgyladylar; üzümçilikler Ýazere ýetip, çöle çenli ýaýyldy; şahalary ýaýrap, deňizden-de aşdy. Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi. Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny. Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär. Mowaplylar seždegählerine çykyp, özlerini tapdan düşürýärler; öz mukaddes ýerlerine dileg etmäge gidýärler, ýöne bu hiç peýda bermez. Bu Rebbiň Mowap hakynda geçmişde aýdan sözüdi. Indi Reb şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly üç ýylyň dowamynda Mowabyň şan-şöhraty uly halky bilen birlikde abraýdan düşer; gutulanlary juda az we güýçsüz bolar». Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi. Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar. Horonaýymdan dady-perýat eşidilýär: „Harabaçylyk, uly weýrançylyk!“ Mowap derbi-dagyn boldy, balalarynyň perýady eşidildi. Aglaý-aglaý Luhyt ýolundan çykýarlar, olar Horonaýym eňňidinde weýrançylyk perýadyny eşidýärler. Gaçyň! Janyňyzy halas ediň, çöldäki ýylgyn kimin boluň. Eý, Mowap, öz eden işleriň üçin, hazynaňa bil baglanyň üçin tutularsyň. Ruhanylary hem emeldarlary bilen Kemoş sürgün ediler. Rebbiň aýdyşy ýaly, ähli şähere heläkleýji döküler, bir şäher-de gutulmaz, jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar. Mowap topragyna duz döküň, ol hökman weýran ediler; onuň şäherleri-de ýumrulyp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz. Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne, Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana! Mowap ýaşlygyndan rahat ýaşady, ol hiç haçan sürgün edilmedi. Çaýkalmadyk al-elwan şerap deý ol gapdan-gaba boşadylmady. Şeýdip, tagamy özünde galdy, özüniň hoşboý ysyny ýitirmedi. Emma ony gapdan-gaba boşatjak adamlary iberjek günlerim geler. Muny Reb aýdýandyr. Ony dökerler, onuň gaplaryny boşadarlar, küýzelerini bölek-bölek ederler. Ysraýyl halky bil baglan Beýtelinden nähili utanan bolsa, Mowap-da öz hudaýy Kemoşdan utanar. Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz? Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar. Mowabyň heläkçiligi golaýlap gelýär, onuň muşakgaty gyssanyp gelýär. Eý, onuň töwereginde ýaşaýanlar, onuň adyny tanaýanlar, oňa ýas tutup: „Wah, gudratly hasa, şöhratly taýak nädip döwüläýdi!“ diýiň. Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder. Eý, Arogerde mesgen tutan, ýoluň ýakasynda dur-da, seret. Gaçan erkekden we gutulan aýaldan: „Näme boldy?“ diýip sora. Mowap masgara boldy, ol derbi-dagyn edildi. Perýat et we agla! Mowabyň weýran bolandygyny Arnonda yglan et. Tekizlikdäki şäherlere – Holona, Ýahsa, Meýpagada; Dibona, Nebo, Beýtdiblataýyma; Kirýataýyma, Beýtgamula, Beýtmegona; Keriýota, Bosra we Mowabyň uzakdaky we golaýdaky ähli galalaryna höküm geldi. Mowabyň güýç-kuwwaty gaçdy, gudraty kesildi. Muny Reb aýdýandyr. Ony serhoş ediň, sebäbi ol Rebbe tekepbirlik etdi. Mowap öz gusugynda togalanar, ol ile masgara bolar. Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz? Eý, Mowabyň ilaty, şäherleri taşlap, gaýada ýaşaň. Höwürtgesini kert gaýalaň üstünde ýasan gögerçin kimin boluň. Biz Mowabyň tekepbirligi, onuň çensiz gedemligi, badyhowalygy, buýsanjaňlygy, kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik. Men onuň bihaýadygyny bilýärin. Onuň öwünmeleri boş, işleri puçdur. Muny Reb aýdýandyr. Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn. Eý, Sibmanyň üzüm agajy! Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn. Seniň şahalaryň deňze, Ýazer deňzine ýetdi. Heläkleýji tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy weýran etdi. Mowabyň bol miweli baglaryndan, ekin meýdanlaryndan şatlyk we begenç zym-zyýat boldy. Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim. Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez; şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl. Olar seslerini Heşbondan Elgala we Ýahasa çenli, Sogardan Horonaýyma we Eglat Şelişiýa çenli eşitdirdiler; Nimrim suwlary-da gurady. Men Mowapda seždegählerde gurbanlyk hödür edeni we öz hudaýlaryna tütetgi ýakany ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr. Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär. Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan. Mowabyň ähli üçeklerinden we meýdançalaryndan diňe agy sesi gelýär. Çünki Men Mowaby halanmaýan gap kimin döwdüm. Muny Reb aýdýandyr. Wah, ol nähili weýran boldy! Adamlar perýat edýärler. Wah, Mowap utançdan yzyna öwrülýär! Mowap töweregindäkileriň barysy üçin gülki we howp boldy. Reb şeýle diýýär: „Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup, ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar. Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar. Mowap Rebbe garşy baş galdyrandygy üçin, halk bolmakdan mahrum bolar. Eý, Mowabyň ilaty, seniň öňüňde howp, gorp we duzak dur! Muny Reb aýdýandyr. Howpdan gaçan gorpa ýykylar, gorpdan çykan duzaga düşer, çünki Meniň Mowap halkyny jezalandyrjak günlerim gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Gaçanlar Heşbon kölegesinde mejalsyz durdular. Çünki Heşbondan ot, Sihon galasynyň ortasyndan ýalyn çykyp, mowaplylaryň maňlaýyny, pitneçileriň süýr depesini ýakyp ýandyrar. Dat günüňe, eý, Mowap! Kemoş halky ýok edildi, ogullaryň sürgün edildi, gyzlaryň ýesir alyndy. Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar». «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Segir dagyna tarap öwür-de, onuň garşysyna pygamberlik et. Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň. Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.
Выбор основного перевода