Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“». Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Munuň üçin siz indi ýalan görnüşler görmersiňiz we palçylyk etmersiňiz. Men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Ol deňiz ortasynda tor ýazylýan ýer bolar. Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär. Sur galasy milletlere olja bolar. Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder. Emeldarlary bilen birlikde ammon şasy sürgün ediler». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода