Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýel olara el çarpyp, ýerinden sykylyk atýar». Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar. Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar. «Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“». «Halkymy masgaralap, olaryň ýurdunda men-‑menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim». Olaryň tekepbirligi zerarly şeýle jeza berler, çünki olar Hökmürowan Rebbiň halkyny kemsidip, olara garşy men-menlik etdiler.
Выбор основного перевода