Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar. Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul--gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler. «Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar. Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz. ähli keseki halka, Us ýurdunyň hemme patyşalaryna, bütin piliştliler ýurdunyň patyşalaryna: Aşkelona, Gaza, Ekrona, Aşdodyň aman galanlaryna; Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker. Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler. Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder. Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.
Выбор основного перевода