Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aroger şäherleri terk ediler, sürüleriň ýatýan ýerine öwrüler, olary ürküzen bolmaz. Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa. Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Olar Sur galasyna garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler. Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.
Выбор основного перевода