Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar: «Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler. Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz. Ähli duşmanlaryň seni ýaňsylaýarlar, sykylyk atyp, dişlerini gyjaýarlar. Olar: «Biz ony ýuwutdyk! Ine, şudy biziň garaşýan günümiz. Ahyry muny-da gördük!» diýip gygyryşýarlar. Olardan ýüz öwrenimde, olar Meniň hazynamy harlarlar, talaňçylar girip, ony harlarlar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz. «Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“».
Выбор основного перевода