Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi. Süriniň iň saýlamasyndan al. Gazanyň aşagyndaky odunlary üýşür, gazany mazaly gaýnat, içindäki omaçalar bişsin“». Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň. Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, tükenmezdir seniň talaňçylygyň! Gan döküp, şäher guranyň, Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň dat gününe!
Выбор основного перевода