Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň. Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr». Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. „Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“». Sürgünde bolýan wagtymyzyň onunjy ýylynyň onunjy aýynyň on ikisine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: Şonuň üçin akylly ynsan şeýle pursatda ümsüm bolar, çünki bu bir erbet zamandyr.
Выбор основного перевода