Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Bu ganhor şäheri höküm et, eý, ynsan ogly, ony höküm et! Onsoň oňa özüniň eden nejis işlerini aýdyp ber. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, öz içinde gan döküp, weýrançylygyny taýýarlaýan şäher! Butlar ýasap, özüni haram edýän şäher! Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Men-de odun üýşmegini has belent ederin. Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar. Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar. Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi. Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, beýik adamlar zynjyrlandy. Gan döküp, şäher guranyň, Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň dat gününe!
Выбор основного перевода