Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Bu gün aç-açan arz-şikaýat edýän, Hudaýyň eli ahy-zaryma garamazdan agyr. Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr. Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar. Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr. Ölen üçin aglaman, oňa ýas tutman, eýsem sürgüne giden üçin zar-zar aglaň, çünki ol indi öwrülip gelmez, dogduk mekanyny görmez. Şeýlelikde, men daňdan halka bu sözleri aýtdym; agşam bolsa aýalym öldi. Ertesi daňdan men ähli zady özüme buýrulyşy ýaly berjaý etdim. Eý, doganlar, men size şuny hem aýtmakçy: bellenilen wagt juda golaýlandyr. Şoňa görä-de, maşgalasy bolanlar edil maşgalasy ýok adamlar ýaly bolsun. Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn.
Выбор основного перевода