Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Baryňyzyň galyndy bolandygyňyz üçin, Men sizi Iýerusalimiň ortasyna ýygnaryn. Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin. Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz. Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“». Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz. Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».
Выбор основного перевода