Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär. Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen gömsün. Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň. Iýerusalimiň daş-töweregine suw kimin olaryň ganlaryny dökdüler, olary jaýlan bolmady. Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler. Emma dogruçyl adamlar olara zynahor we ganhor aýallaryňky ýaly höküm çykararlar, sebäbi olar zynahordurlar we ellerini gana buladylar». Olar Suruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin.
Выбор основного перевода