Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme. Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler. Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler: „Reb olary ant içip söz beren ýurduna getirip bilmändigi üçin, olary çölde gyrgyna berdi“ diýip aýdarlar. Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi. Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin Öz şöhratymy. Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar». Muny Reb aýdýandyr. Ysraýyl halkynyň gelip, milletleriň arasynda mukaddes adyma ysnat getirendiklerine haýpym geldi». Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.
Выбор основного перевода