Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. «Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi.
Выбор основного перевода