Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar öz ogullaryny we gyzlaryny galp hudaýlara gurban etdiler. Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar. Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler. Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. «Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy? Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy! Çagalarymy öldürdiň, olary oda ýakyp, butlara gurban berdiň.
Выбор основного перевода