Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle jogap berdi: «Men seniň aýdyşyň ýaly bulary bagyşlaryn. Ýöne Men barlygymdan we bütin dünýäni dolduran şöhratymdan kasam edýärin: Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri atalaryna wada beren ýurduma girmez. Meni äsgermedikleriň ýekejesi-de bu ýurdy görmez. Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, gözüniň göreji deý gorap saklady. Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym. Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym. Emma şonda-da olaryň köpüsi Hudaýy närazy etdiler. Şonuň üçin-de olaryň läşleri çölde serlip galdy. Biz hem ata-babalarymyz deý ýüreklerimizi ýamanlyga ýykgyn etmez ýaly, bularyň bary bize duýduryşdyr. Olaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar». Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi. Olaryň käbirleri ýaly Mesihi synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular. Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.
Выбор основного перевода