Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“. Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar. Duşman kimin ýaýyny çekdi, elini galdyrdy ýagy kimin. Göz-guwanjymyzyň baryny öldürdi; Sion gyzynyň çadyrynyň üstüne gazabyny ot kimin pürkdi. Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».
Выбор основного перевода