Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar. Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez». «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin. Men sizi eden işleriňize görä jezalandyraryn, tokaýyňyza ot bererin, ot töweregiňizdäki zatlary ýakyp ýandyrar“». Muny Reb aýdýandyr. Ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlamak üçin günortadan demirgazyga çenli ähli ynsana garşy gylyjymy gynyndan çykararyn. Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.
Выбор основного перевода