Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň. Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn. Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma. Şol wagt men size kazylary hem belledim we olara: „Halkyň arasyndaky dawalara üns berip gulak goýuň, isle ol ýerli bolsun, isle gelmişek bolsun, iki adamyň arasyndaky dawany adalatly çözüň. Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlary peýda görmek niýeti bilen karz bermäň. Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.
Выбор основного перевода