Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin. Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi. Emma Musanyň Töwratda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi. Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler. Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler. Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler. Hudaý ýamanlyk edýän her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere muşakgat we hasrat berer.
Выбор основного перевода